Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Daşoguzda öýsüz itleri zäherleýärler, Aşgabatda sanjym edýärler

Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde köçelerde idegsiz ýören itleri guramaçylykly öldürmek boýunça işler geçirilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 11-nji sentýabrda habar berdi we häkimiýetleriň guramaçylygynda şu günler geçirilýän bu çäreleriň çäginde öýüniň golaýynda gezip ýören hasaba alnan öý itleriniň hem gyrylýandygyny belledi.


"Daşoguzda öýsiz pişikleri we eýesi bar bolan, emma öýünden daşarda gezip ýören itleri ýörite zäherlenen iýmitler bilen öldürip başladylar. Bu it awçylygyny häkimligiň, kommunal edarasynyň we sanepidemstansiýanyň işgärleri bilelikde alyp barýarlar. Meniň iki itimi we goňşularymyň howlusynyň daşynda gezip ýören itlerini zäherläp öldürip gidipdirler" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Ol häkimiýetleriň idegsiz öý haýwanlaryna garşy geçirýän häzirki çäreleriniň netijesinde öz töweregindäki itleriň tas ählisiniň gyrylyp, diňe iki sany maşgalada itleriň aman galandygyny aýdýar.




"Meniň özümde we beýleki goňşularymda it saklamaga rugsatnama bardy, olar weterinar barlagyndan hem geçirilipdi. Häzir şäher ýerlerindäki eýesiz itleri öldürip, indi obalarda hem itleri öldürmek plany berlene meňzeýär. Köp adam mal ogrulary köpeldi we umuman ykdysady kynçylyklar sebäpli ogurlyk güýçlendi diýip it saklaýar" diýip, habarçymyz aýdýar.


Türkmenistanda idegsiz itleriň guramaçylykly köçeden ýygnalmagy we ýok edilmegi ozal iri şäherlerde, ilkinji nobatda-da paýtagtda köp duş gelýärdi.


Aşgabatda köçede ýören itleriň kommunal hojalyklaryň işgärleriniň tutup ýygnaýandygy, soňky ýyllarda Aşgabadyň köçelerinde itleri we pişikleri ýygnaýan gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglaryň hereket edip başlandygy habar berlipdi. Käbir halatlarda itleriň köçelerde ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde demir taýaklar bilen urlup öldürilýändigi, ýa-da zäherlenip ýok edilýändigi habar berlipdi. 


Aşgabatda öýsüz it-pişikleri köçeden ýygnamak we ýok etmek boýunça işleriň ýene-de batlanandygyny awgustyň başynda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary mälim edipdi. 




Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan  Türkmenistanyň paýtagtynyň öý dolandyryş müdirliginiň işgärleri özlerine köçelerde idegsiz ýören itleri we pişikleri tutup, olary edara tabşyrmak barada ýörite görkezmäniň berilendigi, şeýle-de tabşyrylmaly haýwanlaryň kesgitlenen planynyň bardygyny mälim edipdi. 


Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgäriniň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, müdirligiň tehniki işgärlerine, ýagny köçe süpürijilere, arassaçylyk we bagbançylyk işlerini edýän işgärlerine, şeýle-de suw üpjünçilik işlerini ýerine ýetirýän santehniklere her hepdede bir iti ýa-da bir pişigi diriligine ýa-da onuň maslygyny ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyna tabşyrmagyna görkezme berilýär, bu "plany dolmadyklar" babatynda göz öňüne tutulan jerime bar. 


"Itiň ýa pişigiň maslygyny tabşyryp bilmedik işgärlerden it üçin 16-manat, pişik üçin bolsa 10-manat pul talap edilýär. Maslygy ýa diri itdir-pişigi getirip tabşyrmadyk işgär aýdylan puly öz hasabyndan tölemäge borçly edilýär" diýip, ýaşaýyş jaý müdirliginiň Azatlyk bilen söhbetdeş bolan işgäri aýtdy.


Bu ýagdaýa şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: "Itleri gyzgylt reňkli ýörite awtoulaglar bilen äkidýärler. Käwagt köpçüligiň gözüniň alnynda itleriň kellesine, oňurgasyna demir taýak bilen urýarlar, ýüpden we demir simden halka edip bogýarlar. Köçe süpürijiler bolsa pişikleri polietilen haltalara salýarlar, elbetde haýwanlaryň ählisi demigip ölýär. Howanyň gyzgyny günüň aşagynda 60 gradusa ýetýär. Polietilen haltalaryň içindäki bug daşyna suw bolup dökülýär".




Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler Aşgabatda idegsiz ýören öý haýwanlaryny ýok etmek boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini we haýwanlary tutýan ýörite awtoulaglaryň ýanynda polisiýa ulaglarynyň hem gatnap, itdir-pişikleri tutýan işgärleri ilatyň gahar-gazabyndan goramak wezipesini berjaý edýändigini belleýärler.


Mundan öň käbir raýatlaryň haýwanlara görkezilýän rehimsiziklere garşy çykýandygy we bu ýagdaýyň öňüni almaga synanyşýandygyny habar berlipdi.


Ýerli synçylar, öýsüz haýwanlary köçeden ýygnamak boýunça guramaçylykly işleriň döwlet tarapyndan ähmiýet berilýän çäreleriň we uly baýramçylyklaryň öňýany hasam batlanýandygyna ünsi çekýärler. Şu günler Türkmenistan "Amul-Hazar" awtorallisini geçirýär we gaýtadan dikeldilen Halk Maslahatyna  taýýarlanýar.


Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri öýsüz haýwanlaryň awlanmagy we ýok edilmegi baradaky habarlary ne şonda, ne-de häzir tassykladylar, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň beren soraglaryny resmi taýdan kommentirlemekden ýüz öwürdiler.


Munuň bilen bir wagtda şu günler Aşgabatda öýlerde saklanýan haýwanlarynyň döwlet tarapyndan hökmany waksinasiýasy amala aşyrylýar. 


"Häzir öz haýwanlarynyň dälilikden hökmany döwlet waksinasiýasy alnyp barylýar. Weterinar gulluklaryň işgärleri öýme-öý aýlanyp, "Biokan-R" dermanyň sanjymyny edýärler. Bu haýwan saklaýanlar üçin örän amatly" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy it eýesi 11-nji sentýabrda gürrüň berdi.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net