Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda Täjigistanyň ilçihanasynyň öňünde nobata çydamadyk zenan huşuny ýitirdi

21-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatda duranlaryň biri orta ýaşlaryndaky zenan huşuny ýitirdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna şaýatlaryň birnäçesi habar berdi, şeýle-de bu ýagdaýy görkezýän wideo ýazgy gowuşdy.   


“Ol ogluny okuwa ibermek üçin wiza aljak diýip, iki hepdeläp nobata durdy. Onuň nobaty ýetmän nerwiden agzyndan, burnundan gan geldi” diýip, şol gün ilçihananyň öňünde ýüze çykan ýagdaýa şaýat bolan adamlaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. 


Şaýatlar zenanyň tiz kömek ulagynda keselhana äkidilendigini, emma onuň ýolda aradan çykandygy habar berdiler. "Bu zenan ýogaldy. Onuň gan basyşy gitdigiçe güýçlendi, ol özünden gitdi we ýolda jan berdi" diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan şaýatlaryň ýene biri gürrüň berdi. (Redaksiýa söhbetdeşleriniň we çeşmeleriniň gizlinlik şertlerini we howpsuzlygyny berjaý etmek üçin olaryň atlaryny agzamakdan saklanýar).


Azatlyk Radiosy Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde özüni erbet duýan zenanyň ýogalandygy baradaky maglumaty häzirlikçe resmi taýdan tassykladyp, ýa-da ret etdirip bilmedi.


Täjigistanyň ilçihanasynda bu maglumaty kommentirlemekden çürt-kesik boýun gacyrdylar. "Men bu barada asla kommentirlejek däl" diýip ilçihananyň özüni tanatmadyk wekili Azatlyk Radiosyna telefonda aýtdy we dessine trubkany taşlady.    


Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, şu günler ilçihananyň öňünde wiza almak isleýän ýüzlerçe adamlyk nobatlar döreýär, käbirler nobatyna garaşyp, ilçihananyň öňünde birnäçe hepdeläp durmaly bolýarlar, emma şondada wiza alyp bilmän kösenýärler.




Azatlyk Radiosy bu zenanyň adynyň Gözeldigini we onuň Lebap welaýatynyň ýaşaýjysydygyny anyklady, emma onuň familisiýasy we anyk ýaşy häzirlikçe nämälim galýar.


Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatlar täze okuw ýylynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri wiza almak üçin ilçihana ýüz tutýanlaryň esasy böleginiň studentlerdigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä wiza almak işi birnäçe hepdä çekýär.  


Şaýatlaryň ýene biri: “adamlar 45-49 gradus yssyda gije-gündiz nobata durup wiza alýarlar. Meniň özüm jigimi alyp gelmek üçin 15 günläp azap çekdim", diýip gürrüň berdi.  


Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi özüni erbet duýansoň keselhana äkidilen zenanyň ogluna yzýany täjik wizasynyň berlendigini habar berdi: "Onuň ýanynda ogly bardy. Bu zenanyň huşuny ýitirmeginden soň, onuň ogluna dessine wiza berdiler".




​Ýaňy-ýakynda Täjigistanyň wizasyny almagy başaran türkmenistanlylaryň birnäçesi wiza almak meselesinde uly nobatlara durmak kösençliginden başga päsgelçilikleriň hem döreýändigini aýdyp, ilçihananyň käbir işgärleriniň para talap etmek ýaly hereketlere baş goşýandygyny belleýärler.


Soňky günlerde Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan söhbetdeşlerimiziň birnäçesi şol bir adamyň adyny agzadylar.  


"Maksat pully adamlardan para alýar. Onuň haýsy wezipede işleýändigini bilemok, ýöne ol dokumnetleri we konsulhana üçin anketalary toplaýar. 50-30 dollar berseň wizaň çykar diýip wada berýär", diýip täjik wizasyna 30 günläp garaşan söhbetdeşimiz aýtdy.


Beýleki söhbetdeşimiz "ilçihanada adamlary gynap, para alýan Maksat göwnüne ýaraýan gyzlary jynsy gatnaşyga çekmäge synanyşýar. ol meniň bir dostumyň gyz doganyny jynsy gatnaşyga çagyryp, wiza alyp bermegi wada edipdir" diýip gürrüň berdi. 


Azatlyk Radiosy söhbetdeşleri tarapyndan agzalan adamyň şahsyýetini we wezipesini häzirlikçe anyklap bilmedi. Onuň edendigi aýdylýan hereketlerini hem resmi taýdan tassyklap bolmady.    




Täjigistan türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak üçin barýan esasy ýurtlarynyň biridir. Garaşsyz çeşmeleriň magumatlaryna görä, Täjigistanda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany 4000 adam çemesi diýlip görkezilýär.


Türkmenistanyň orta mekdeplerini her ýyl 100 müň çemesi adam tamamlaýar, ýurduň ýokary we orta hünärmenlik mekdeplerine bolsa ýylda 8 müňden sähel gowrak okuwçy alynýar. Şu sebäpden ýurduň onlarça müň ýaşaýjysy bilim almak üçin ýurduň daşyna gidýar. 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net