GSDP gyrgyz hökümetini “gysga garaýyşly” bolmakda tankyt etdi
28-nji awgustda ýaýradylan beýanatda Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy häkimiýetleri “geljegi görmeýän syýasaty amala aşyrmakda, syýasy garşydaşlary yzarlamakda, gowşak ykdysady syýasatda” tankytlap, munuň “ýurtda barha protest keýpini” döredýändigini öňe sürdi.
Häkimiýetdäki koalisiýanyň bir bölegi bolan Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasyna Atambaýew ýolbaşçylyk edýär.
Şeýle-de, beýanatda partiýa häkimiýetleri “Atambaýewiň, aýdylmagyna görä, häkimiýeti bikanun ele geçirmek planlary” diýip, öňki prezident barada “gybat” ýaýratmakda aýyplady.
Prezident Žeenbekowyň edarasy Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasynyň aýyplamalaryna gaýtawul berlip, resmi beýanat çap edilmejekdigini mälim etdi.