Günbatar ýurtlary Orsýeti Siriýany çäklendirmäge, “adam heläkçiliginiň” öňüni almaga çagyrýar
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 27-nji awgustda geçiren telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky ýagdaýlary, hususan-da Türkiýe bilen serhetleşýän Idlip regionyndaky ynsanperwerlik ýagdaýlaryny maslahat etdiler diýip, iki ýurduň baş dolandyryş edaralary mälim etdiler.
“Iki lider Idlib welaýatynda gumanitar krizisiň döremeginiň öňüni almak üçin halkara herekete çagyrdylar” diýip, Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders aýtdy.
“Ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin Orsýet Siriýa hökümetine erk edip asudalygy ýöretmäge çagyryş edildi” diýip, Merkeliň metbugat wekili Steffen Seibert belledi.
Birleşen Ştatlary, Fransiýa we Britaniýa geçen hepde Siriýa hökümetine himiki ýarag ulanmazlyk barada duýduryş yglan etdi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 27-nji awgustda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada gözegçilik edip, çäklendirmek boýunça Orsýete özbaşdak çagyryş etdi.