Eýran raketa, täze söweş uçarlary tagallalarynyň dowam etdiriljegini aýdýar
"Biz üçin iň ileri tutulýan mesele öz raketa programmamyzy işläp düzmek” diýip, brigada generaly Amir Hatami aýtdy. Onuň bu sözleri 18-nji awgustda “Fars” habar agentligi tarapyndan sitirlendi.
“Biz bu ugurda gowy orunda ýerleşýäris, emma biziň ony kämilleşdirmegimiz gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hatami täze söweş uçarynyň jemgyýetçilige 22-nji awgustda bellenilýän Milli goranyş gününe sowgat hökmünde görkeziljekdigini, “adamlaryň onuň uçuşyny görüp biljekdigini” aýtdy.