Paul Manafortyň işi sud oturdaşlarynyň garamagyna tabşyryldy
16-njy awgustda oturdaşlar sudunyň agzalary prokurorlaryň Manaforta garşy öňe süren salgytdan gaçmak we bank galplyklary bilen bagly aýyplamalaryň 18 punkty boýunça öz kararyny yglan ederler.
Günäli hasaplanan ýagdaýynda Manafort 10 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilner.
Bu sud Robert Muelleriň ýörite geňeşiniň Trampyň 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen güman edilýän arabaglanyşygyny derňemegine degişli ilkinji diňlenişikdir.