Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabadyň dellekhanalaryna erkekleriň saçyny boýamakdan saklanmak tabşyryldy

Aşgabadyň ýörite gözellik salonlarynda we erkekler üçin niýetlenen dellekhanalarynda erkek müşderileriň saçyny boýamak, şeýle-de saçyny ýaşlaryň arasynda meşhur bolan görnüşde şekilli syrmak gadagan edildi. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar. 


"Elitnyý gözellik salonlarynyň biriniň işgäri iş ýerine şäher prokuraturasynyň wekilleriniň barandygyny, öz ýolbaşçysynyň, bolsa, prokuratura aýratyn çagyrylandygyny gürrüň berdi. Parikmaherler bilen gürrüňdeşligiň temasy erkekleriň saçyny boýamagyň, şeýle-de ýaşlaryň saçyny şekilli syrmagyň gadagançylygyna bagyşlandy. Adatça bolşy ýaly, olara hiç hili ýazmaça düzgünnama görkezilmän, diňe ýokardan tabşyrygyň bardygyny aýdylypdyr" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 14-nji awgustda aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle tabşyryklar Aşgabadyň gözellik salonlarynyň ýene birnäçesine we "Berkarar" söwda merkezindäki erkekler üçin ýöriteleşdirilen salonlara berlipdir.


Ýerli synçylar Türkmenistanyň paýtagtynda erkekleriň arasynda saçyny boýamak modasynyň bir ýyl mundan ozal has giňden ýaýrandygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, öň saçyny boýanlaryň köpüsiniň daşary ýurtly kompaniýalaryň işgärleri, şeýle-de parikmaherleriň özleri, dijeýler, aýdymçy-sazandalar ýaly sungat işgärleri bolan bolsa, indi erkekleriň saçyny boýamagyň has köp ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýörgünli bolupdyr. 




Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda erkekleriň saçyny boýamagyna girizilendigi aýdylýan gadagançylygy ne ýurt resmileri, ne-de habar serişdeleri agzaýarlar. Munuň sebäpleri-de nämälim galýar.    


Bellemeli ýeri, erkekleriň saçyny boýamagyna girizilendigi aýdylýan gadagançylyk döwlet baştutanlarynyň öz saçyny boýaýan ýurdunda ýüze çykýar.


Türkmenistany 2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň  dolandyryp gelýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başda çal saçlydy, emma soň onuň saçynyň reňki garalypdy. 


Awgustyň başynda türkmen prezidentiniň saçynyň reňki birden üýtgäp, çalardy. Bu ýagdaý dessine habar beriş serişdeleriň üns merkezine düşdi. 


"Öňki söwet Türkmenistanyň hökümdary saçynyň gara reňkinden el çekdi. Öz ýolbaşçylarynyň şahsyýet kulty bilen tanalýan ýurtda bu ädimi jikme-jik öwrenmek synanyşygy ediler" diýlip Fransiýanyň AFP agentliginiň 2-nji awgustda çap eden maglumatynda bellendi. 


Türkmenistanyň Berdimuhamedowdan öňki ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazow hem saçyny boýaýardy, onuň çalaran saçy başga gyzgylt soňra gara reňke öwrülipdi


Häzirki wagtda Azatlygyň Türkmenistandaky käbir söhbetdeşleri erkekleriň saçyny boýamagyna girizilen çäklendirmeleriň döwlet baştutanynyň öz saçyny boýamagyny bes etmegi bilen bagly baglanyşdyrýarlar we şu sebäpden onuň "başgalara-da gadagan edýän bolmagy" çak edýärler. 




Käbir ýerli synçylar erkekleriň saçyny boýamagynyň gadagan edilmegini häkimiýetleriň jemgyýete gözegçilik etmek synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.


Türkmenistanda milli däp dessurlar, şol sanda milli geýimler medeni gymmatlyklar hökmünde wasp edilýär. Hususan-da, döwlet edaralarynyň işgärlerinden, okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan keşdeli tahýa, aýal gyzlardan milli köýnek talap edilýär. Ýaňy-ýakynda aýal-gyzlardan mundan beýläk keşdeli balagyň, ýagny milli aýak geýimiň talap ediljegi mälim boldy.


Türkmenistanda ilatyň daş-görnüşine degişli dürli gadagançylyklar, çäklendirmeler we talaplar häkimiýetler tarapyndan öňden bäri edilip gelinýär. Dürli ýylarda ýurduň erkek ýaşaýjylarynyň altyn dişli, uzan saçly we sakgally bolmagy gadagan edilipdi.  


Azatlygyň habarçylary şu günki gün Türkmenistanda erkekleriň saçyny reňklemeginiň gadagan edilmeginiň fonunda aýal-gyzlaryň arasynda saçyny açyk reňke boýamagyň ýene gadagan edilmeginiň ähtimallygy bilen aladalanmalaryň artyp başlandygyny belleýärler. 


Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň zenanlaryň dar köýneklerine, saçynyň sary reňke boýalmagyna we ýurda saç reňkleýän boýaglaryň getirilmegine çäklendirme girizendigi habar berlipdi. 


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net