BMG: Yrakda we Siriýada ‘Yslam döwletiniň’ 30 müňe golaý söweşijisi bar
Yrakda we Siriýanyň aglaba böleginde “Yslam döwleti” toparynyň harby ýeňlişigine garamazdan, bu ýurtlarda ekstremist toparyň ortaça 20 müňden 30 müňe çenli söweşijisi bar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda aýdylýar.
13-nji awgustda ýaýradylan hasabatda bu çaklamalaryň hökümetleriň maglumatyna esaslanýandygy bellenilýär. Ýöne onda gürrüňi gidýän hökümetler aýdyňlaşdyrylmaýar.
Söweşijiler Yrak bilen Siriýanyň arasynda deň paýlandy diýlip, “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” garşy sanksiýalara syn edýän ekspertleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda aýdylýar.
Ekspertleriň sözlerine görä, “Yslam döwletiniň” esasy söweşijileriniň köpüsi Owganystana ýerleşdi. Bu ýurtda toparyň 3,500-den 4000-e çenli söweşijisi bolup, olaryň sany barha artýar.