Orsýet-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlyk ylalaşygy güýje girýär
Bu dabara hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gapdalyndan geçirildi diýip, TASS habar gullugy 11-nji awgustda habar berdi.
Türkmenistanyň bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Aşgabatda gol çekdiler.
Hazarýaka döwletleriniň – Orsýetiň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň baştutanlary 12-nji awgustda Aktauda Kaspi deňziniň durumyny kesgitlemek we konwensiýa gol çekmek üçin duşuşdylar.