President Gurbanguly Berdimuhamedow Kaspi sammitine gatnaşýar
Prezident Berdimuhamedow sammitiň geçjek ýeri bolan Dostluk kşgünde gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Eýranyň prezidenti Hassan Ruhany, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem sammite gatnaşmaga geldi diýip, habarda aýdylýar.
Aktauda döwlet baştutanlarynyň duşuşygyndan öň hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi.
Aktau sammitinde kaspi deňziniň kanuny durumy boýunça konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar.