Gazagystan, hasaba durmandyklary üçin, onlarça daşary ýurt telekanalynyň gepleşik bermegini gadagan etdi
Maglumat we aragatnaşyk ministrligi 8-nji awgustda 88 telewision kanalyň, şol sanda NTV Plus 3D, Dožd, Russia Today, Spas, Rudest Moya, Nautical Channel, MUSICBOX, RU.TV, Fashion TV, Dožd, TNT-Comedy kanallarynyň hasaba alyş lisenziýalarynyň ýatyrylandygyny aýtdy.
Beýanatda aýdylmagyna görä, bu telekanallara garşy görlen çäre olaryň 9-njy ýanwarda güýje giren täze kanun esasynda Gazagystanda alty aý içinde hasaba durup bilmezlikleri bilen bagly.
Şeýle-de beýanatda Gazagystanda gepleşiklerini berýän 219 daşary ýurt telekanalynyň täze kanun esasynda hasaba durandyklary we olaryň programmalarynyň Merkezi Aziýa respublikasynda elýeterli bolmagynda galjakdygy aýdylýar.