Ysraýylyň Gaza uran howa zarbalary üç palestinalyny öldürdi - Saglyk ministrligi
Gazanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, bombalaýyş mahalynda bir göwreli aýal, onuň 1 ýaşyndaky gyzy we hamaz jeňçisi öldürildi.
Palestinalylaryň atan raketalary azyndan ýedi ysraýyllyny ýaralady.
Ysraýyl goşuny Ysraýyla tarap 150-den gowrak raketanyň we minomýot okunyň atylandygyny aýtdy, Ysaraýylyň uruş uçarlary bolsa, hamaz jeňçileriniň pozisiýalaryna 140-dan gowrak howa zarbasyny urdy.
Bu ysraýyl-palestin atyşyklarynyň soňky ýygjamlaşmasy bolup durýar.
Ysraýyl we Hamaz yslamçy jeňçi topar 2007-nji ýylda Gaza kontrollygyny ele geçireli bäri üç gezek uruşdylar.