Tramp 2016-njy ýylda Kreml bilen ilteşikli aklawçy bilen geçirilen duşuşygyň maksadyny mälim etdi
Tramp 5-nji awgustda özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda bu hili duşuşyklaryň “syýasatda elmydama-da geçirilýändigini” öňe sürdi.
Maglumata görä, bu duşuşyga Trampyň ogly Donald Tramp Jr; häzirki ýokarky derejeli maslahatçysy we giýewsi Jared Kuşner; şol döwür Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk eden Paul Manafort; russiýaly aklawçy Natalýa Weselnitskaýa we beýlekiler gatnaşypdyrlar.
Aýdylmagyna görä, rus araçysy Trampyň ogluna rus resmilerinde Trampyň saýlaw bäsdeşi Hillari Klintony “garalajak” maglumatlaryň bardygyny aýdandan soň, bu duşuşygy geçirmek barada ylalaşylypdyr.
Welnitskaýa Kongresiň öňünde beren hasabatynda şol döwür Kreml bilen hiç hili ilteşiginiň bolmandygyny aýtdy.