Owganystanda bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi
Ýerli häkimiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, partlama sişenbe güni ir bilen Bala Baluk etrabynda ýüze çykypdyr.
Resmiler hüjümde ölenleriň we ýaralananlaryň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bolandygyny aýtdylar.
Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma, ýerli polisiýanyň sözçüsi muny “Talyban” hereketiniň üstüne atdy.