Argentina Orsýetden ýokary wezipeli eýran resmisini tussag etmegi soraýar
Häzirki wagtda Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi bolan Welaýati 12-nji iýulda Moskwa sapar edip, prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şeýle-de, ol 13-nji iýulda Hytaýa sapar etmegi planlaşdyrýar.
Argentinanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Welaýatiniň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşyny Hytaýa hem ýollandygyny aýtdy. Argentina öz ýüzlenmesini "iki ýurduň arasynda ekstradisiýa barada bar bolan ylalaşyga laýyklykda" edendigini aýdyp, häzirki wagtda Orsýetiň jogabyna garaşýandygyny belledi.
Welaýati Argentinada 1994-nji ýylyň 18-nji iýulynda bolan bomba partlamasy zerarly argentin-ysraýyl özara bileleşiginiň edarasynyň ýumrulyp, 85 adamyň wepat bolan hem 300 adamyň ýaralanan döwründe Eýranyň daşary işler ministri bolupdy. Bu hadysa Argentinanyň taryhyndaky iň uly terrorçylyk hüjümi boldy.