Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy boldy
Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy boldy.
Döwlet eýeçiligindäki media täze kanuny güýje girizýän prezident kararyny 12-nji iýulda çap etdi.
Bu karar maý aýynda gazak deputatlary tarapyndan kabul edildi we iýunda ýurduň Konstitusiýa sudy tarapyndan tassyk edildi.
Nazarbaýew bu karara 5-nji iýulda, 78 ýaşynyň dolmagynyň we Astanada Gazagystanyň paýtagt güni hökmünde giňden bellenmeiginiň bir gün öňünden gol çekdi. Emma bu kanun diňe 12-nji iýulda, jemgyýetçilige ýetirilenden soň güýje girdi.
Kanunda aýdylmagyna görä, “taryhy missiýasy sebäpli, Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk etmek Nazarbaýaewe ömürlik berilýär”.
Täze karar esasynda bu guramanyň durumy hem üýtgedildi, ýagny ol maslahat beriji guramadan konstitusion gurama öwrüldi.
Gazagystanlylaryň köpüsi bu çärä Nazarbaýewiň prezidentlikden aýrylan ýagdaýynda hem häkimiýeti sypdyrmazlyk niýeti hökmünde seredýär.
Nazarbaýew Gazagystana 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargamanka ýolbaşçy boldy.