Owgan güýçleri ABŞ-nyň goldamagynda Nangarhary söweşijilerden arassalaýarlar
ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň birinji toparyndan polkownik Joş Thielyň 8-nji iýulda aýtmagyna görä, soňky operasiýanyň merkezi Açin etrabynyň Deh Bala atly ýerinde bolupdyr. ABŞ-nyň harbylary 2017-nji ýylda bu ýere ýadro bolmadyk iň uly bombasyny taşlapdy.
Amerikan harbysy YD toparynyň bu etraby özüniň maliýe we logistika üpjünçiligi üçin peýdalanandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol “Yslam döwleti” toparynyň agzalan giňişlikden Kabula we Jalalabada eden uly hüjümlerine taýýarlyk görmek üçin peýdalanandygyny belledi.
Nangarhar welaýatynyň hökümeti ABŞ-nyň 8-nji iýulda agşam Açin etrabynda Pakistan bilen serhediň golaýynda amala aşyran hüjümleriniň netijesinde Horasan etrabynda “Yslam döwleti” toparyna loýal guramanyň azyndan dört söweşijisini öldürendigini aýtdy.