Türkiýede otly heläkçiliginde azyndan 24 adam wepat boldy, 70-den gowragy ýaralandy
Türkiýede 8-nji iýulda bolan otly heläkçiliginde azyndan 24 adam wepat boldy we 70-den gowragy ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.
Türkiýäniň resmileriniň sözlerine görä, Tekirdag regionynda heläkçilige uçran otly 360 ýolagçyny alyp barýardy.
“Ýaralananlar köp sanly we wepat bolanlar hem bar” diýip, Tekirdag welaýatynyň häkimi Mehmet Jeýlan NTW kanalyna aýtdy.
Transport ministrligi güýçli ýagyş sebäpli “demir ýoluň aşagyndaky topragyň ýumrulmagyndan soň” otlynyň alty wagonyndan bäşisiniň ýoldan çykandygyny aýtdy.
Döwlet gözegçiligindäki Anadolu täzelikler agentligi prezident Rejep Taýyp Erdoganyň heläkçilik barada habarly edilendigini we gynanç bildirendigini habar berdi.