Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


'Arzuwa düşmek şansy her kimde bar'

Adamy azatlykdan mahrum etmek üçin iň aýylganç ýerleriň biri - Aşgabadyň Arzuwdaky saklap-seçiş tussaghanasydyr, bu ýere günde we yzygiderli häsiýetde, sistemanyň işgärleriniň öz sözi bilen aýdylanda, tussaglaryň üpjünçiligi amala aşyrylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.


Arzuw näme? 


"Arzuw" - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabadyň eteginde demirgazyk tarapynda ýerleşýän deslapky tussaghanasynyň il içindäki ýörgünli ady. Häzirki wagtda bu tussaghana paýtagtyň çäginde, köne ady bilen Arzuw obasynyň golaýynda ýerleşýär.


Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz habar serişdeleriniň ençeme çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu tussaghana ýowuz tussaglyk şertleri we tussaglaryň rehimsiz daralmagy bilen tanalýar. Bu ýerde tussaglara eden-etdilikli daralmagyna, olaryň urlup-ýenjilmegine, zorlanmagyna degişli ýagdaýlar barada habar berlipdi. Üstesine, ilat arasyndaky ýörgünli pikire görä, bu tussaghana düşmek 'şansy' her kimde bar.


Azatlyk Radiosy Arzuwdaky ýagdaýy öz gözi bilen gören birnäçe adam bilen söhbetdeş boldy.




Arzuwa nädip düşüp bolýar? 


Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň biri özüniň alkogola garaşly 25 ýaşly ýegeniniň Daşoguzdaky narkologiýa hassahanasyndan iki aýda agramynyň 20 kilogramyny ýitirip gelmeginiň yzýany, polisiýanyň ony ýene-de Arzuwdaky tussaghana äkidendigini gürrüň berdi: "Gaýdyp geleninden bir gün geçip-geçmän, polisiýa ony içgili däl bolsa-da ýene Arzuwa äkitdi, narkologiýa hassahanasyna ibermek üçin. Ýakynlary onuň bu gezek diri galmajagyna göz ýetirip, 'gerekli adamlara' çykyp Arzuwa bardylar".   


Azatlygyň habarçysy, bu tussaghanadaky ýagdaýdan ygtybarly birnäçe çeşme bilen söhbetdeş bolup, bu ýere günde 30 çemesi adamyň alnyp barylýandygyny habar berdi. 


Tussaghananyň işgärleriniň biri, getirilýän adamlar esasan "arakhorlar, öýsüzler, ten satýanlar we dilegçiler" diýýär. 


Bu ýere administratiw jogapkärçilige çekilip, 15 gije-gündizlik tussaglyga höküm edilen ýa-da iş gozgalyp, entek sud edilmedikler hem düşýär.       


Üstesine, bu tussaghana köçelerde dokument barlaglarynyň netijesinde polisiýa trapyndan saklanýan raýatlar getirilýär. Tussag edilenleriň özleri olary saklap-saklamazlygyň köplenç polisiýanyň öz garamagynda bolýandygyny belleýärler.   


Türkmenistanyň paýtagtynda raýatlaryň köçede dokument barlagyna sezewar edilmegine ýygy-ýygydan duş gelinýär. Mundan öň polisiýanyň Aşgabatda ýazga durmadyk, welaýat ýaşaýjylaryny, şeýle-de, gowy geýinmedik adamlary tussag edýändigi barada habar berlipdi. 




Plan bar


"Plany doldurmak üçin her kimi saklaýarlar. Adamyň polisiýanyň eline düşmegi üçin onuň myhmançylykdan, ýa-da restorandan gaýdýarka biraz serhoş bolmagy, ýa-da onuň geýimleriniň kämil bolmazlygy ýeterlik. Polisiýa bölüminde pul berip sypmak mümkin, emma ýakynlary wagtynda pula boşadyp ýetişmedik adamlar arakhor hökmünde 10 gije-gündizlik ýa-da has uzak möhletli Arzuwa düşýärler" diýip, tussaghanadaky ýagdaýdan ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy we köplenç tussag edilýänleriň aglaba böleginiň arakhor ýa-da neşekeş däldigini belledi.  


Azatlygyň söhbetdeşleriniň bellemegine görä, ten söwdasy bilen meşgullanýan we kanun goraýjylar bilen işleşýän "seks işgärleri" köplenç tussaghana düşmeýärler. Köplenç ten söwdasyny edýär diýip, kafelerde we restoranlarda oturan aýal-gyzlary we agşamlaryna maşgala gatnaşykda bolmadyk erkek adamlar bilen gezelenç edýänleri tussaghana äkidýärler.


Aşgabatda kanun goraýjy işgärleriň tussag etmeli adamlarynyň sanyna degişli planyň bardygy öňem habar berlipdi. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri polisiýa partullary we polisiýa bölümleri üçin tussag edilmeli adamlaryň sanyna görä, olary höweslendirmek üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň tölenýändigini habar beripdi. Maglumatda her bir tussag üçin polisiýa işgärine 125 manat tölenýändigi aýdylypdy.


Aşgbatda, uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda "islenilmeýän elementlerden" arassalaýyşlaryň depgininiň hasam güýçlenýändigi habar berilýär. 




Arzuwdaky tussaghananyň öňki bendileriniň sözlerine görä, bu ýere düşýänleriň köpüsi hapaçylyk we rehimsizlik zerarly öz saglygyny ýitirýärler, aýallara has agyr düşýändigini belleýärler. 


"Gije-gündizde adamlary diňe üç gezek umumy hajathana çykarýarlar, olaram ýerde deşik görnüşli, ol ýerden gyşda sowuk gelýär, ysy aýylganç, poluň üstüni tutuş peşew örýär. Hammamy bolsa gyş, tomus sowuk suwly krantly otag. Kameralarda sowadyjy ýok, diňe äpişgeleriň aýnasyzdygy yssydan halas edýär. Bu zatlaryň ählisinden daşary adamlar iýmitiň gowşaklygyndan mydama açlyk duýýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi habar berdi. 


Ozalky ýyllarda Arzuwdaky tussaghananyň ýagdaýy bilen baglylykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylary öz wezipelerinden mahrum edilipdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy, raýatlaryň şikaýatlaryna sertmek boýunça prezidentiň ýanynda döredilen ýörite komissiýasynyň işiniň netijesinde, 2007-nji 2008-nji ýyllarda bu ýerdäki zorluklaryň üsti açylansoň, şol wagtky içeri işler ministriniň wezipesinden mahrum edilendigini belledi.


Redaksiýadan: Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň we Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň atlaryny görkezmekden saklanýar.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net