Mattis: ABŞ Arktikadaky oýnuny ýaýbaňlatmaly
Käbir çaklamalara görä, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we beýleki käbir ýurtlaryň territoriýasyndan geçýän Arktikada, Saud Arabasytanyndan we Russiýadan has köp nebit ýataklary ýerleşýär. Moskwa ol ýerdäki energiýa mümkinçiliklerini güýçlendirip, harbylarynyň sanyny hem artdyrdy.
“ABŞ Arktikadaky öz oýnuny ýaýbaňlatmaly. Muňa hiç hili şühbe bolup bilmez” diýip, Mattis Alýaskada çykyş etdi.