Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr bilen ýaran boldy
Olar bu koalisiýany 23-nji iýunda, premýer-ministr ruhany bilen duşuşmak üçin Najap şäherine sapar edeninden soň çap eden bililikdäki beýanatlarynda yglan etdiler.
Sadryň syýasy blogy, kommunistleri hem öz içine almak bilen, parlament saýlawlarynda 54 orun gazandy we Yragyň 329 orunly parlamentinde iň uly topar boldy. Abadiniň blogy 42 orun bilen üçünji boldy.
Olaryň beýanatynda bu ýaranlygyň täze hökümetiň düzülmegini çaltlaşdyrmak we halkyň arzuw-isleglerine gulluk etjek prinsipler hakynda ylalaşmak üçin “mezhebçiligiň we etniki meseleleriň” çäginden çykýandygy aýdylýar.