ABŞ-nyň raýaty terrorçy topara goşulmakda güman edilip, Ozbegistanda tussag edildi
Özbegistana öz garyndaşlaryny görmek üçin baran ABŞ-nyň raýaty terrorçy topara goşulmakda we Owganystanda gozgalaňçylaryň hatarynda söweşmekde güman edilip, saklandy.
Zokir Aliew öz dogduk Kaşkaderýa welaýatynyň Garşy şäherine baran badyna 16-njy iýunda irden tussag edildi diýip, Parižde ýerleşýän “Gyzgyn ýürekliler kluby” atly adam hukuklaryny goraýjy bileleşik habar berdi.
Häkimiýetler Aliýewiň garyndaşlaryna düşündiriş bermediler, emma Döwlet howpsuzlyk gullugynyň 18-nji iýunda çap eden maglumatynda onuň terrorçylyk bilen baglylykda saklnandygy aýdylýar.
Resmi beýanatda Aliýewiň 2000-nji ýylda “Özbegistanyň yslam hereketi” atly gurama goşulan bolmagynyň güman edilýändigi aýdylýar.
“Özbegistanyň yslam hereketi” terrorçy gurama hasaplanýar we ençeme ýurtda, şol sanda Özbegistanda, ABŞ-da, Britaniýada, Awstriýada, Kanadada we Orsýetde gadagan edildi
“Gyzgyn ýürekliler kluby” Özbegistandan 25 ýyl mundan ozal gaýdan 46 ýaşly Aliýewiň prezident Şawkat Mirziýoýewiň 1991-nji ýyldan soň ýurdy terk eden özbekleri çagyrmagynyň yzýany Özbegistana sapar edendigini habar berdi.