Eýran Türkmenistany tranzit ýükleri üçin gümrük paçlaryny ýatyrmaga çagyrýar
Hassaniýan gümrük paçlarynyň 50 prosent ýokarlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky tranzit gatnawynyň kemelmegine getirjekdigini aýdyp, Türkmenistany bu paçlary ýatyrmaga çagyrdy.
Owgan mediasynyň maý aýynda beren maglumatyna görä, Türkmenistan Owganystan üçin gümrük paçlaryny 50 prosent kemeltdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan demirýollaryň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurluşygyna uly üns berýär we sebitde transport gatnawlarynyň özboluşly merkezine öwrülmegi maksat edinýär.