Türkmenistan Demirgazyk Koreýadaky ilçisini belledi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara 25-nji maýda gol çekdi.
Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw režimleriniň hatarynda agzalýan Demirgazyk Koreýa bilen göni diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýdy.
Bu iki ýurt halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny sylamakda iň pes bahalary alýar.