Metbugat azatlygy toparlary Gazagystany "galp maglumat" kanunyna gaýtadan seretmäge çagyrýar
Metbugat azatlygy boýunça halkara guramalarynyň 26 toparyndan ybarat koalisiýa gazak häkimiýetlerini golaýda meşhur garaşsyz neşirleriň ikisine garşy görlen we mediany ýuwaşatmak üçin ulanylan graždan we jenaýat kanunlaryna gaýtadan seretmäge çagyrdy.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ), Halkara PEN, Galamdaşlar guramasy we beýleki media gözegçiligi toparlary bu çagyryşy 18-nji maýdadünýä ýüzünde söz we maglumat azatlygynyň goragynda durýan guramanyň, IFEX-iň websaýtynda çap eden bilelikdäki hatlarynda etdiler.
“Biz prokuratura edarasynyň we sud organlarynyňRatel.kz-yň we beýleki bir topar neşiriň garşysyna ulanýan ýerliksiz we käbir ýagdaýlarda bikanun çäreleriniň ýygjamlaşyp barmagyndan alada galýarys, olar Gazagystanyň kanunçylyk ulgamynyň işleýän we gowy ýola goýlan demokratiýa üçin zerur bolan kadaly tankydy sem etmek üçin ýalňyş ulanylamgyndan habar berýär” diýip, olar aýtdy.
Almatynyň polisiýasy 2-nji aprelde Ratel.kz habar saýtynyň redaktorlarynyňwe Forbes žurnalynyň ýerli neşiriniň edara jaýlaryna reýd geçirip, bu neşirleriň ikisiniň hem kompýuterlerini we dokumentlerini konfiskasiýa etdi. Şeýle-de, bu neşirleri üçin işleýän žurnalistleriň birnäçesiniň öýleri döküldi.
Şu aralykdaRatel-iň websaýty weFacebook sahypasy petiklendi.
Bu çäreler biznesmen we ozalky maliýe ministri Zeýnulla Kakimžanowyňşikaýat arzasy esasynda geçirilýän jenaýat derňewiniň bir bölegi bolup durýar, ol bu neşirleriň galp maglumatlary çap edip, özüniň we oglunyň abraýyny gaçyrandygyny öňe sürýär.
Žurnalistleri goraýan komitet Ratel.kz bilen“Forbes Kazakhstan” žurnalynyňKakimžanowlaryň bozuk biznes praktikasy diýilýän barada 2016-njy ýylyň maý we dekabr aýlarynyň aralygynda habar berendigini aýdýar.
IFEX-iň bilelikdäki haty Gazagystanyň baş prokuroryny, baş sudýasyny, parlamentini, maglumat we aragatnaşyk ministrini, onuň žurnalistlere we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine “bimöçber jerime” salýandygyny we tankydy habarlara “howp” bolup durýandygyny aýdyp, “galp maglumat” ýaýratmak hakyndaky kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar.