Pariž: Bäş adamy pyçaklamakda aýyplanýan Azimowyň ene-atasy goýberildi
Geçen hepde Parižde bäş adamy pyçaklandygy aýdylandan soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürilen Hamzat Azimowyň ene-atasy iki gün tussaglykda saklanandan soň azatlyga goýberildi diýip, fransuz resmileri aýtdy.
15-nji maýda giçlik sud resmisi “häzirki tapgyrda 20 ýaşyndaky Azimowyň ejesi bilen kakasyny aýyplaýjy elementleriň ýoklugy” sebäpli, olaryň goýberilendigini aýtdy. Fransuz raýatlygyny alan Azimow Çeçenistanda doglandyr.
Fransuz resmileri Azimowyň ejesiniň we kakasynyň şahsyýetini köpçülige mälim etmediler.
Azimow 12-nji maýdaky hüjümde bir adamy öldürmekde we başga-da dört sanysyny ýaralamakda aýyplanypdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.
Resmileriň aýtmagyna görä, şübheliniň dosty 20 ýaşynda asly çeçenistanly Abdul Hakim A. henizem tussaglykda saklanýar.