Merkel: ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy global tertibe ynamy gowşadýar
Merkel Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirip, Tähran babatyndaky sanksiýalary ýatyrmak boýunça ylalaşygyň kämil bolmakdan daşdadygyny aýtdy, ýöne BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan ykrar edilensoň ondan “birtaraplaýyn çykmaly” däldigini nygtady.
Şeýle-de, Angela Merkel Eýran bilen ylalaşygy güýjünde saklamak barada 11-nji maýda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Merkel 18-nji maýda Moskwa sapar eder. Bu barada Kremliň geňeşçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.
Moskwa Eýranyň ylalaşykda galmagy ugrunda Tähran bilen ýakyndan işleşýär.