'Türkmenhimiýanyň' başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy
Resmi maglumata görä, döwlet resmisiniň işden çetleşdirilmegi hakynda permana Türkmenistanyň prezidenti 7-nji maýda gol çekipdir.
Bir aýa golaý döwrüň dowamynda Türkmenistanda ýokary wezipeli resmileriň onlarçasy boşadyldy. Olaryň ählisiniň işden çetleşdirilmegine “düýpli kemçilikleriň” sebäp bolandygy aýdyldy, emma kemçilikleriň nämeden ybarat bolandygy aýdylmady.