Medwedewiň premýer-ministr wezipesiniň ýene bir möhlet bilen uzaldylmagyna garaşylýar
7-nji maýda alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam eden Putin resmi inaugurasiýadan sanlyja sagat soň, bu baradaky kararyny parlamentiň aşaky öýüne ugratdy.
Orsýetiň Döwlet dumasynda Putiniň “Birleşen Orsýet” partiýasy agdyklyk edýär. Medwedew bu partiýanyň başlygydyr.
Orsýetiň parlamentiniň 8-nji maýdaky ýygnagynyň Moskwa wagty günortan sagat 3-de başlamagyna garaşylýar.
Orsýetiň konstitusiýasyna laýyklykda, täze prezidentlik möhleti başlanda ýurduň hökümeti işden çekilmäge borçludyr.