Rohany ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykanyna ökünmeli boljakdygyny aýdýar
"Biziň Tramp tarapyndan ýadro ylalaşygy babatda gelinjek islendik karara garşy durmak üçin planlarymyz bar” diýip, Rohani 6-njy maýda Eýranyň demirgazyk-günbatarynda sözlän sözünde aýtdy we onuň sözleri döwlet telewideniýsei arkaly köpçülige ýetirildi.
"Eger-de Amerika ýadro ylalaşygyny terk etse, siz bahym görersiňiz, munuň yzy taryhy ökünje ýazar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Emma Rohani, eger-de ABŞ bu ylalaşygy terk etse, Eýranyň nähili reaksiýa bildirjegini anyklaşdyrmady.
Ýöne ol Trampyň geljek kararyna garaşmak bilen, hususan-da Eýranyň Atom energiýasy guramasyna, “zerur bolan buýruklary” berendigini aýtdy.
Tramp, eger-de ýewropaly ýaranlary onuň “elehnç kemçilikkerini” 12-nji maýa çenli düzetmeseler, ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykjakdygyny aýdyp, haýbat atdy.