Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşjak ýeriniň kesgitlenendigini aýdýar
"Biziň indi duşuşjak wagtymyz we ýerimiz belli. Biz muny basym yglan ederis” diýip, Tramp 4-nji maýda Ak tamyň daş işiginde, Dallasa sapara ugramazyndan öň žurnalistlere aýtdy.
Tramp şu hepdäniň başynda iki lideriň iki Koreýanyň arasyndaky harbysyzlaşdyrylan zonada duşuşmagynyň ahmaldygyny ýaňzytdy.
Duşuşygyň ýaňzydylan başga ýerleriniň arasyndaSingapur, Mongoliýa we Şweýsariýa bar.
Bu duşuşyga görülýän taýýarlykllar Kimiň 27-nji aprelde Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in bilen geçiren sammitinden soň güýçlendi.
Bu tagallalar ýarymadadady dartgynlyklary gowşatmaga hem-de Phenýanyň ýadro ýaraglaryny synag etmeginiň pesinden wagtlaýyn togtadylmagyny gazanmaga kömek eder öýdülýär.
BMG-niň rezolýusiýalaryna garamazdan, Phenýan öz ýadro synaglaryny şu wagta çenli bes etmän gelýärdi.