Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryny synag edýän ýeriniň ýapylyşyna ABŞ ekspertlerini çagyrar
"Kim sammit mahalynda özüniň ýadro synaglarynyň geçirilýän ýerini maýda ýapjakdygyny aýtdy” diýip, sözçi 29-njy aprelde žurnalistlere aýtdy.
Kim bu prosesiň halkara jemgyýetçiligine açyk-aýdyň bolmagy üçin ýakyn wagtda Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň ekspertlerini çagyrjakdygyny aýtdy diýip, sözçi Ýoon Ýoung-çan aýtdy.
Günorta Koreýanyň prezident edarasy Kimiň ýadro synalýan ýeriň ýapylyşyny görmekleri üçin ABŞ ekspertlerini we žurnalistlerini çagyrmagy hem wada berendigini aýtdy.
Mundanam başga, Tokionyň Demirgazyk bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ýaraşyk tagallalaryndan daşlaşdyrylmak aladalarynyň artmagynyň arasynda, Seuldaky prezident resmisi Demirgazyk Koreýanyň lideriniň Ýaponiýa bilen hem “islendik wagt” dialoga taýýar diýendigini habar berdi.