Berdimuhamedow uruş weteranlaryna öz adyndan $11 sowgat bermegi tabşyrdy
Türkmen mediasy ýurtda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygyny nygtaýar. "Döwletimiz olaryň saglygy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy barada hemişe alada edýär" diýip, TDH ýazýar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda aýatda diri uruş weteranlarynyň we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň anyk sany barada metbugatda açyk maglumat berilmeýär.
Şu aralykda Türkmenistanda ABŞ dollarynyň "gara bazardaky" bahasy 18 manada ýetdi. Emma onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen kursy 1 dollara 3,5 manat möçberinde saklanyp galýar. 200 manat resmi kursa görä 57 dollar, "gara bazar" kursuna görä 11 dollar çemesindäki pul bolýar.
Geçen ýyl hem uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan 200 manat sowgat berlipdi, ol wagt bu serşde dollaryň "gara bazar" nyrhynda 30 dollara golaý pul bolýardy.