Ermenistan ermenileriň Osman imperiýasyndaky gyrgynçylygynyň ýyl dönüminde matam tutdy
Ermenistanyň genosid diýip atlandyrýan gyrgynçylygyň hatyrasyna 24-nji aprelde geçirilen matam dabaralaryndan bir gün öň Ýerewanda we ýurduň beýleki şäherlerinde müňlerçe protestçi Sarkisianyň wezipesinden çekilmegini toýlady.
11 günläp dowam eden protestlere ýolbaşçylyk eden we 22-nji aprelde Sarkisiany wezipeden çekilmegine ündän oppozision kanun çykaryjy Nikol Paşinian öz tarapdarlaryny Ýerewandaky ýadygärlige alyp bardy.
Matam çäresi sebäpli bir günlük arakesmeden soň 25-nji aprelde Paşinianyň ýerine ýetiriji premýer-ministr Karen Karapetian bilen duşuşygy we 3 million ilatly ýurduň geljegi boýunça indiki ädimleri barada maslahat geçirmegi göz öňünde tutulýar.