Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenko bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmen mediasy gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşylyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini habar berýär.
Gubernatoryň metbugat-edarasynyň berýän maglumatyna görä, wekilçilik toparyň düzümine, beýlekiler bilen bir hatarda, awtomobil ýollarynyň, banklaryň, şeýle-de gaz geçirijileriň infrastrukturasynyň gurluşygy bilen meşgullanýan kärhanalaryň ýolbaşçylary hem giripdir.
Gubernator Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdulyýew bilen hem duşuşdy.