ABŞ-nyň öňki ilkinji hanymy Barbara Buş 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy
“Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň öňki ilkinji hanymy we maşgala gymmatlyklarynyň berk tarapdary Barbara Pierse Buş sişenbe güni 17-nji aprelde 92 ýaşynda aradan çykdy” diýip, ABŞ-nyň öňki prezidenti George H.W. Buşyň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.
Buş maşgalasy 73 ýyl mundan öň durmuş gurdular we hanym Buş ABŞ-nyň prezidentiň aýaly we ejesi bolan diňe iki sany ilkinji hanymlaryň biridir.
Barbara we George Buşyň ogly George Buş ABŞ-nyň prezidenti wezipesini 2001-2009-njy ýyllaryň aralygynda iki gezek berjaý edipdi.