Pakistan ‘ençeme ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanyp bilmedi’
Pakistanyň Adam hukuklary boýunça Komissiýasynyň ýaýradan hasabatynda ýurtda harbylary tankytlaýan ýa-da goňşy Hindistan bilen has gowy gatnaşyklary talap edýän adamlaryň, şol sanda žurnalistleriň we bloggerleriň ýitirim bolýandygy nygtalýar.
Hasabatda ýurtda aýal-gyzlara garşy zulumlaryň hem dowam edýändigi bellenilýär. Geçen ýylyň 10 aýy boýunça Pakistanyň dört welaýatynda bular ýaly jenaýatlaryň 5 müň 660-sy hasaba alnypdyr.
Mundanam başga, hasabata Pakistanda ekstremistleriň dini azlyklaryň, şol sanda şaýy musulmanlarynyň, hristianlaryň we Ahmedi sektasynyň wekillerine hüjümleri amala aşyrýandyklary bellenilýär.