Orsýetiň Döwlet dumasy amerikan harytlaryny gadagan edip, ABŞ jogap bermegi teklip edýär
Döwlet dumasynyň spikeriniň orunbasary Melnikow 13-nji aprelde eden çykyşynda munuň, şeýle-de, ykdysady gatnaşyklary çäklendirip biljegini belledi.
Kanunyň taslamasy indiki hepdede parlamentiň aşaky öýünde maslahat ediler.
Analitikler Kremliň daşary ýurtlara duýduryş bermek üçin adatça parlamenti ulanýandygyny belleýärler.
Kanunyň taslamasy ABŞ-da öndürlen ösen tehnologiýalaryň software programmalarynyň, oba hojalyk önümleriniň, derman önümleriniň, çilimiň we alkogolyň importyny çäklendirip biler. Şeýle-de, ABŞ bilen ýadro energiýasy, raketa önümçiligi we uçar gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy çäklendirer.