Eýran Birleşen Ştatlaryň 10 eýranla garşy girizen sanksiýalaryny tankyt edýär
23-nji martda Birleşen Ştatlaryň Hazyna departamenti, ýagny Maliýe ministrligi Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy üçin ýüzlerçe uniwersitete haker hüjümini etmekde aýyplap, “Mabna institutyna” we dokuz eýranla garşy aýyplama bildirdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gassemi aýyplamalary “galp” diýip häsiýetlendirdi.
“Eýran Birleşen Ştatlaryň öjükdiriji, bikanun we esassyz hereketlerini ýazgarýar. Bular Birleşen Ştatlaryň liderleriniň eýranyň halkyna garşy duşmançylygynyň täze möhüm alamaty bolup durýar” diýip, Gassemi ministrligiň websaýtynda çap edilen beýanatynda aýtdy.