ÝB-niň daşary işler ministrleri öňki orsýet agentiniň Britaniýada zäherlenmegini ýazgardylar
Britaniýa we onuň ýaranlary 4-nji martda 66 ýaşly Sergeý Skipalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagynda Orsýeti aýypladylar.
“Ýewropa Bileleşigi Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Orsýet Federasiýasynyň jogapkärçiligi baradaky çaklamalaryny örän çynlakaý kabul edýär” diýip, ÝB-niň 28 daşary işler ministriniň 19-njy martda ýaýradylan beýanatynda aýdylýar. Maglumatda Ýewropa Bileleşiginiň Britaniýanyň hökümetine raýdaşlygy bildirilýär.
Orsýetiň öňki harby aňtaw ofiseri Sergeý Skripal Orsýetiň ençeme gizlin agentini Britaniýa tabşyrypdy.