Ukrainada rus wekilhanalarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi
Ukrain polisiýasy Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasyna, şeýle-de Odesadaky, Lwowdaky we Harkowdaky konsulhanalaryna gözegçilik edýär.
Ukrainanyň milletçi toparlarynyň agzalarynyň Russiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde ýygnanandygy barada maglumatlar gowuşýar.
Russiýa Ukrainany halkara normalaryny bozmakda aýyplady.
“Bu Russiýa Federasiýasynyň içerki işlerine açyk bir görnüşde goşulmakdyr. Bu onsuz hem dartgynly iki-taraplaýyn gatnaşyklary has-da ýitileşdirip biler” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
16-njy martda ukrain hökümeti diňe ýurtdaky rus diplomatlarynyň prezidentlik saýlawlarynda ses berip biljekdigini mälim edipdi.