Özbek prezidenti Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini aýtdy
Täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen Duşenbede geçiren gepleşiklerinde Mirziýoýew: “Daşkent Duşenbe bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürer” diýip, belledi.
Gepleşikleriň netijesinde 27 ylalaşyga gol goýuldy. Şeýle-de, iki döwletiň raýatlarynyň birek-bireginiň ýurtlarynda 30 güne çenli wizasyz galmaga mümkinçilik berjek ylalaşyga gelindi.
Rahmon özbek prezidentiniň 9-10-njy mart aralygyndaky iki günlük saparyny “wajyp we möhüm” diýip, häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol Täjigistanyň “Özbegistanyň regional hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryny goldajakdygyny” hem sözüne goşdy.