Britaniýanyň terrorizme garşy göreş birleşigi Orsýetiň öňki içalysynyň ýolugan keselini derňeýär
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Johnson wakada islendik daşary ýurt hökümetiniň arabaglanyşygy bolsa, onda munuň “jezasyz” galmajakdygyny duýduransoň, Skotland Ýard özüniň terrorizme garşy göreşýän birleşiginiň “adaty bolmadyk ýagdaýlar” bilen ilteşikli işiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny mälim etdi.
Britaniýa ýurduň günbataryndaky Salisburide bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylan 66 ýaşlaryndaky Skripalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýanyň keselhananyň agyr näsaglaryň ýatýan bölümine ýerleşmegine getiren we sebäpleri henizem aýdyňlaşdyrylmaýan ýagdaýlara öz gaýtawulyny güýçlendirdi.
BBC neşiri Skripalyň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp, soňky ýyllarda onuň käbir maşgala agzalarynyň “adaty bolmadyk ýagdaýlarda” aradan çykandygyny habar berdi.