Russiýanyň Dumasynyň spikeri: Zenan žurnalistler jynsy süýkenmäniň öňüni almak işini çalyşmaly
Wolodin bu barada 7-nji martda, ýagny Russiýada resmi baýramçylyk diýlip kesgitlenen Halkara aýal-gyzlar gününden bir gün öň, zenan žurnalistleriň bir toparynyň öňünde çykyş etdi.
Wolodin ýakynda zenan žurnalistler tarapyndan ýokary derejeli kanunçykaryjy Leonid Slutskiýniň jynsy süýkenmelerde aýyplanmagyny, Slutskiýni “abraýdan gaçyrmak synanyşygy” diýip häsiýetlendirdi.
“Siziň üçin Dumada işlemek howplymy? Eger şeýle bolsa, onda işiňizi çalşyň” diýip, Wolodin aýtdy.
Wolodin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bolup, mundan ozal ol Putiniň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläpdi.
Wolodiniň bu barada çykyşy, BBC neşiriniň žurnalistiniň Slutskiýni jynsy süýkenmede aýyplamagyndan bir gün soňa gabat geldi.