GDA guramasynyň saýlawlara syn edýän missiýasy Türkmenistana bardy
Maglumata görä, GDA guramasynyň missiýasynyň düzümine 80 çemesi synçy girýär, olardan onusy uzak möhletleýin esasda işlär.
Türkmenistanyň 125 adamlyk milli parlamenti Mejlise saýlawlar 25-nji martda geçiriler. Mejlisiň altynjy çagyryşyna geçiriljek saýlawlar ýurduň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyryşyna, şeýle-de geňeşlikleriň agzalarynyň altynjy çagyryşyna geçiriljek ses berişlik bilen bilelikde geçiriler.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň parlamenti prezidentiň teklibi bilen Baş suduň we baş prokuraturanyň ýolbaşçylarynyň, içeri işler we adalat ministrleriniň bellenmegine we boşadylmagyna degişli meselelere seredýär.
GDA guramasynyň saýlawlara syn edýän missiýasy Türkmenistanda geçirilen ozalky saýlawlara guramaçylyk we halkara demokratik standartlary nukdaý nazaryndan ýokary baha berip geldi.