Fransuz, german we rus liderleri Siriýada ýaraşygy ýola goýmak barada gepleşer
Bu gepleşikler telefon arkaly geçiriler we ol barada 24-nji fewralda, Howpsuzlyk geňeşi uruşdan tozan Siriýada ýaraşyk yglan etmäge biragyzdan ses berenden soň yglan edildi.
Makronyň edarasy gepleşikleriň esasan “bu rezolýusiýany durmuşa geçirmeklige we Siriýada durnukly parahatçylygy gazanmak üçin zerur bolan syýasy plana” gönükdiriljekdigini aýtdy.
Söweşleriň dowam edýändigi baradaky habarlaryň arasynda, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş 24-nji fewralda ähli taraplary ýaraşyk şertlerini “derhal” durmuşa geçirmäge hem-de ony “saklamaga” çagyrdy.