Tähranda sufileriň protestinde bäş howpsuzlyk işgäri wepat boldy, 300 adam tussag edildi
Derwişler diýlip tanalýan “Gonabadi Sufi” guramasy bir gün öň Tähranyň demirgazygynda dörän protestleriň dowamynda öz agzalaryndan azyndan biriniň kanun goraýjylar tarapyndan öldürlendigini aýtdy.
“Gonabadi” guramasynyň agzalary öz dini jemgyýetiniň azyndan bir agzasynyň tussag edilmegine nägilelik bildirmek üçin polisiýanyň öňüne jemlendiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Pars gullugynyň we sosial medianyň maglumatlarynda habar berilýär.
Sosial mediada peýda bolan we döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoda Tähranyň demirgazygynda awtobusyň polisiýa işgärleriň toparyna sürendigi görkezildi. Polisiýa başda üç sany işgäriniň wepat bolandygyny aýtdy.