Dört esgeri ýaralanan Ysraýyl iki palestinalyny öldürdi
Gaza medikleri 18-nji fewralda 17 ýaşyndaky iki palestinalynyň jesediniň özlerine gowşurylandygyny, olaryň gündogar Rafahada ysraýyl tanklarynyň okundan ölendigini aýtdylar.
Ysraýyl öten agşam, 17-nji fewraldaky partlamada dört esgeri ýaraly bolandan soň, Gazadaky Hamaz toparynyň yslamçy jeňçilerini nyşana alyp, howa zarbalary tapgyryny urdy.
Palestinanyň “Wafa” habar agentligi raketalaryň Gaza şäheriniň gündogarynda üç ýere urlandygyny we jaýlara zyýan ýetirendigini, emma hiç kimi ýaralamandygyny aýtdy.
Şeýle-de raketalaryň şäheriň gündogaryndaky Tuffah etrabynda ýerleşýän ferma düşendigi aýdylýar.