Moskwanyň eteginde ýolagçy uçar heläkçilige uçrady, hiç kim diri galmady
Uçar gatnawynyň tertibine görä, 6W 703 reuse 11-nji fewralda sagat 14:00 Moskwadan Orsk şäherine uçmalydy. RIA-Nowosti habar agentligi uçaryň howa galansoň iki minutdan radarlardan ýitirim bolandygyny habar berdi. Uçarlaryň hereketini yzarlaýan FlightRadar24 websaýtyna görä, uçar ýerli wagt bilen 14:26-da tizden-tiz aşaklap başlapdyr. Şaýatlar uçaryň Moskwanyň golaýynda Ramensk we Woskresensk regionlarynyň çatrygynda ýere gaçandygyny görüpdir.
Uçaryň heläk bolan ýerinde 50 adamyň jesetleriniň bölekleri tapyldy.
Moskwa regionynda bir hepdä golaý wagt bäri çylşyrymly howa şertleri saklanýar. Ýekşenbe güni 30 çemesi reýs ýatyryldy, 10 reýs Domodedowo aeroportunda.
"Interfaks" agentliginiň maglumatynda An-148 kysymly uçar bilen bilelikde Orsýetiň poçtasynyň dikuçarynyň hem heläkçilige uçrandygy aýdylýar. Deslapky maglumatlara görä, "Saratowskiýe awialinii" kompaniýasynyň An-148 kysymly uçary howa galan wagtynda Orsýetiň "Poçta Rosii" döwlet kompaniýasynyň dikuçary bilen çaknyşypdyr. Emma bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady.