Siriýa oppozisiýasy Soçide rus goldawynda geçjek ‘kongrese’ gatnaşmaýar
Siriýanyň Gepleşikçiler komissiýasynyň (SNC) sözçüsi Ýahýa al-Aridi 27-nji ýanwarda Siriýanyň hökümeti we onuň rus ýarany zerur bolan borçnamalar bilen üpjün etmediler we Soçi gepleşikleri BMG-niň parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk etmek tagallalaryny gowşatmak synanyşygy boldy diýdi.
Emma bu kararyň gutarnyklydygy ýa-da SGK-nyň ýolbaşçylarynyň goşmaça borçnamalara garaşýandygy belli bolmady.
Moskwanyň Gara deňiz boýundaky kurort şäherde “milli dialog kongresini” geçirmek plany Günbatar ýurtlarynyň köpüsi we BMG tarapyndan şübheli garşylandy.